TÜRK BİRLİĞİ


 
AnasayfaKayıt OlAramaKapı*SSSGiriş yap

Paylaş | 
 

 Aşgabat yer titremesinde aradan çykan 176 müy rayatymyzy yatladyk

Aşağa gitmek 
YazarMesaj
Admin
Admin
avatar

Mesaj Sayısı : 390
Yaş : 36
Kayıt tarihi : 06/06/08

MesajKonu: Aşgabat yer titremesinde aradan çykan 176 müy rayatymyzy yatladyk   10.10.08 17:10

Yurdumyzyň iň ajy günlerinden biri hasaplanylyan 1948-nji yylyň 6-njy oktyabrynda 9 bal güyyacute;jünde bolan yer titreme wakasynda aradan çykan rayatlarymyzyň hatyrasyna dün ähli halk matam günü yglan edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky matam dabaralary paytagt Aşgabatdaky memorial yadygärlikde başlady. Adamzat taryhynyň iň aylyganç yer tirtemelerinden biri bolan wakada aradan çykanlaryň hatyrasyna 1 minutlyk dymyşlyk yglan edildi. Ýatlamalarda müfti Röwşen Allaberdiyew ayat-dogalar okady.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we meýdana yygnanan müňlerçe rayatymyz yagty yadygärlige gül desseleri goydylar. Matam dabarasyna Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň işgärleri, daşary yurtly diplomatlar, yaşulylar we beyleki rayatlarymyz gatnaşdylar.

Soňra yatlamalar Gypjakdaky Türkmenbaşynyň Ruhy Metjidinde dowam etdi. Metjitde din işgärlerimiz ayat-dogalar okady.

Metjitde Prezident Berdimuhamedowyň adyndan sadaka berildi. Sadakada söz sözlän Berdimuhamedow: "Onlarça yylyň geçendigine garamazdan şol yyl aylyganç yer titremesi hakyndaky yatlamalar henize bu güne çenli entegem adamlary gussa batyryar we olaryň yürek yzasy köşeşmeyär "diyip nygtady. Berdimuhamedow, ajy wakada 176 müň rayatymyzyň aradan çykandygyny yatladyp bu yet titreme 50 asyrlyk taryhy bolan halkymyz üçin agyr synag boldy diydi.

Matam gününde yurdumyzyň ähli künjeklerinde baydak sütünlerinde yarpa getirildi we radio we telewideniyede aydym-saz berilmedi. Şeyle hem matam günü ähli welayatlarda bellenip geçildi.

Aşgabatda 1948-nji yylyň 6-njy Oktyabr günü 9 bal güyjünde bolan yer titremede Aşgabat haraba şähere öwrülipdi. 190 müň adamlyk şäher ilatynyň 176 müňi ajy wakada aradan çykypdy. Şäherde düňe 3 sany binanyň yykylman galandygy hem habar beilyär. Ajy waka sebäpli şol yagtky SSSR respublikalaryndan 7 müň wagon, 240 yük uçary we müňlerçe maşyn kömek gelipdi. 8 müňden gowrak yaraly ya-da yetim çaga bolsa beyleki respublikalara ugradylypdy. ABŞ, Polşa, Germaniya we Bolgariya yaly döwletler hem kömek ugradypdy.
Sayfa başına dön Aşağa gitmek
Kullanıcı profilini gör http://ataoguzunsoyu.yetkin-forum.com
 
Aşgabat yer titremesinde aradan çykan 176 müy rayatymyzy yatladyk
Sayfa başına dön 
1 sayfadaki 1 sayfası

Bu forumun müsaadesi var:Bu forumdaki mesajlara cevap veremezsiniz
TÜRK BİRLİĞİ :: BAĞIMSIZ TÜRK DEVLETLERİ :: TÜRKMENİSTAN-
Buraya geçin: